Bild.de: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tarapdarlary kongrese girdi. Käbir amerikan senatorlar agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde durup geçdiler.
Spiegel.de: ABŞ-da başdan geçirilen wakalarda 4 adam ýogaldy.
Deutsche Welle: Germaniýanyň hökümeti: "Mekdepleriň ýapylmagy hökmanydy" diýip belledi. Germaniýanyň hökümeti koronawirus epidemiýasyna garşy düýn görülen berk öňüni alyş çäreleriň çäginde ýapylan mekdepleriň we çagalar bagynyň ýapylmagy bilen bagly tankydy belliklere jogap berdi.
France 24 (Fransiýa): Gollandiýa sanjym kampaniýasyny başladan ÝB-e agza soňky ýurt boldy.
Le Figaro (Fransiýa): Kowid-19: Ýewropa Bileleşigi Moderna kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymy tassyklady.
Alraýa: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tarapdarlary Kongrese hüjüm etdi, polisiýa işgärleri od açdy.
Alaýýam: ABŞ-nyň Prezident wezipesine täze saýlanan Jo Baýden, Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň binasyna girmegini ýazgaryp: "Demokratiýa ozal görülip eşidilmedik bir hüjüm" diýip belledi.
La Wanguardia (Ispaniýa): Ýewropa Bileleşigi ABŞ-da Prezident wezipesine saýlanan Jo Baýdene garaşmadan Wenesuelada özüni wagtlaýyn Döwlet baştutany hökmünde yglan eden Huan Guaýdony prezident hökmünde ykrar etmegini bes etdi.
Prensa Latina (Kuba): Meksikanyň paýtagty Mehiko-Siti şäherinde koronawirus sebäpli hassahanalaryň dolulyk derejesi 83 göterim.
Infobae (Argentina): ABŞ-nyň Kongresine guralan hüjümde 4 adam ýogaldy, 14 polisiýa işgäri ýaralandy.
Tass habarlar agentligi: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, howply keseller bilen kesellän çagalara ýardam maksatly "Ýagşylyk halkasy" atly gaznanyň döredilmegi üçin kararnama gol çekdi.
Lenta.ru: Kamçatka ýarymadasynda syýahatçylar buz böleginiň aşagynda galdylar, wakada 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.
RBK habar saýty: ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri Russiýanyň Demirgazyk Buzly okeanynyň serhediniň golaýynda patrullyk eder.
