Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Spiegel.de: Ýakyn wagtda wezipä başlajak ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 1,9 trillion dollarlyk koronawirus ýardam bukjasyny aýan etmegi meýilleşdirýär.

Deutsche Welle: Awtoulag senagatynda kynçylyklar: Ýarym geçiriji önümleriň azlygy, awtoulag önümçiliginde kynçylyk döredýär.

ard.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel wagt ýitirmek islemeýär. Merkel koronawirusyň çalt ýaýraýan mutasiýasy sebäpli welaýatlaryň Premýer ministrleri bilen wagt ýitirmeden maslahat geçirip, has berk öňüni alyş çäreleriň girizilmegini gün tertibe getirer.

Aldustour: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Pandemiýanyň 2-nji ýyly has kyn bolup biler" diýip mälim etdi.

Alkudus: Basyp alyjy Ysraýyl, topraklaryny jöhit ýaşaýjylaryň hüjümlerinden goranmaga synanyşýan adamlardan aryny alýar.

Alwatan: Kuweýdiň nebitiniň bahasy gymmatlaýar.

El País (Ispaniýa): Koronawirusyň 3-nji tolkuny roždestwo baýramynyň öň ýanyndan bäri ulalýar. Wirusa ýoluganlaryň sany 3 esse, hassahana ýatan adamlaryň sany 2 esse artdy.

Prensa Latina (Kuba): Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandez, çaga aýyrtmaklygyň kanunylaşmagyny tassyklady.

Infobae (Argentina): Eýran Wenesuelanyň goşunyna tälim bermek maksady bilen bu ýurda ofiser ugratdy.

France 24: Kowid-19: Sagat 18:00-dan soň, ýurdyň käbir sebitlerinde yglan edilen köçä çykmak gadagançylygy, şenbe gününden başlap bütin Fransiýada ýola goýular.

Le Monde: Braziliýanyň Döwlet baştutany Žair Bolsonaru Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony soýa barada akmak beýanatlar bermek bilen günäkärledi.

Le Soir (Belgiýa): ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy, Jo Baýdeniň kasam edişlik dabarasynda bolup biljek hadysalara alada bildirýär.

Lenta.ru (Russiýa): Twitter, Russiýa tarapyndan oýlanyp tapylan Sputnik V’ sanjymynyň hasabyny ýapdy.

TASS Agentligi: Rus raýatlaryň we şahsy potratçylaryň batmak bilen bagly görkezijileri 2020-nji ýylda 73 göterim artdy.

RIA Nowosti Agentligi: Russiýa bagly Burýatiýa Respublikasynyň gubernatory Alekseý Tsydenow ýerli hökümeti wezipesinden çetleşdirdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Bawariýadaky muzeýiň öňünde Angela Merkeliň atly heýkeli oturdyldy