Daşoguz welaýatynda ýylyň iň göreldeli okyjysy yglan edildi

Daşoguz welaýatynda ýylyň iň göreldeli okyjysy yglan edildi

Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa Daşoguz welaýat kitaphanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Bu barada Daşoguz habarlary gazeti habar berýär.

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň Iň göreldeli okyjy atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar.

― Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir ― diýlipm neşirde ýeňijiniň sözleri getirilýär.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Diňle: Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi
Türkmen usulyndaky genosid “Gündogar”
Türkmen adam atlary: Täze meýiller we köne tejribeler
Warşawda türkmen resmilerine sorag beren hukuk goraýjy jogaplardan kanagatlanmandygyny aýdýar
Hepdäniň jemi #38 (21.09.2019 ý.)
Raýatlary barha kän daşary ýurtlara göçýän Türkmenistan 863 adama pasport berýär