Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi bir aýdan soň bellendi

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi bir aýdan soň bellendi

Döwletgeldi Annamyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi bellendi. Bu barada 9-njy iýulda prezident Serdar Berdimuhamedow karara gol goýdy.

Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýew bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Ýatlap geçsek, 4-nji iýunda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde etrabyň häkimi Begmyrat Arazow “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylypdy.

Welaýatyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow bolsa,ahyrky duýduryş bilen berk käýinç alypdy.

Şeýlede hökümet mejlisinde agrosenagat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hem wezipesinden boşadylypdy.Pudakdaky meseleleriň arasynda ekin meýdanlarynyň gözgyny ýagdaýy, topragyň şorlamasy we arassalanmadyk zeýkeşler diýip prezident belläpdi.

Daşoguzda hut şol sebäpli pagtaçy öz wagtynda ekin ekmäge ýetişmedi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar beripdi.The post Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi bir aýdan soň bellendi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Prezident söwda toplumyna we oba hojalygy pudagyna gözegçilik edýän iki orunbasaryny işden boşatdy
Prezident azyk ýetmezçiligini gytaklaýyn tassyklap, iki orunbasaryny täzeledi
Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimine soňky gezek berk käýinç yglan etdi
Prezident Türkmenistanyň oba hojalyk ministrini täzeledi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi