Prezident azyk ýetmezçiligini gytaklaýyn tassyklap, iki orunbasaryny täzeledi

Prezident azyk ýetmezçiligini  gytaklaýyn tassyklap, iki orunbasaryny täzeledi

TDH wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewiň, Çary Gylyjowyň, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşadylandygyny habar berýär.Ozal prezident kakasynyň tabşyrygy bilen sebit bazarlaryna aýlanyp, azyk bolçulygy barada hasabat beren we çörek nobatlarynyň prezidentiň abraýyny gaçyrýandygyny aýdan Serdar Berdimuhamedow bu karara ýurtdaky azyk ýetmezçiligi, oba hojalygyndaky agyr ýagdaý bilen baglylykda gelene meňzeýär.

Mundan öň ol ilata arzan bahadan satylmaly azyk önümleriň käbir resmiler tarapyndan ogurlanýandygyna ünsi çekipdi.

Ç.Gylyjow bir aý öň, ýurtdaky azyk ýetmezçiligi bilen baglylykda, garamagyndaky edaralara korrupsiýa ýol bermekde tankytlanypdy. Iki wise-premýer bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazow hem, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip, wezipesinden boşadyldy.

Baş prokuror Batyr Atdaýew wezipesinden boşadyldy we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň söwda toplumy, dokma senagaty we telekeçilik boýunça orunbasary wezipesine bellendi. Ol bu wezipede ozal hem işläpdi we 2017-nji ýylda häzirki bellenen wezipesinden baş prokurorlyga geçirilipd.

Baş prokuroryň wezipesi wagtlaýyn Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Hökümet başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary wezipesine Türkmenistanyň prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadylan Annageldi Ýazmyradow bellenildi.

2017-nji ýyldan bäri işlän orunbasar wezipesinden boşadylan E. Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan hem boşadyldy we täze bellenen wise-premýer A. Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesi wagtlaýyn Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewe ynanyldy.

Mundan başga, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa berk käýinç we soňky duýduryş berildi.

Işinde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanan resmileriň kemçilikleri barada, adataça bolşy ýaly, anyk maglumat berilmedi. Ýöne şol gün, hökümetiň we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikde geçirilen mejlisinde edilen gürrüňlerden çen tutulsa, mesele ýurtdaky azyk ýagdaýlary, oba hojalygyndaky agyr çökgünlik bilen bagly bolup görünýär.

Wezipesinden boşadylmazyndan öň soňky hasabaty diňlenen E.Orazgeldiýewe prezident, TDH-nyň ýazmagyna görä, "oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny" aýtdy.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasy "pes derejede" durmuşa geçirilýär.

Ozal bu pudakdaky uly ösüşler, ýurtda döredilen azyk howpsuzlygy barada yzygiderli maglumat beren TDH indi, prezidente salgylanyp, "bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny" habar berýär.

"Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl" diýip, prezident aýdypdyr.

Şeýle-de ol ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigi, ...oba hojalygyny we ilatly ýerleri suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigi barada Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryny tassyklapdyr.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky agyr ýagdaý öňki prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende hem bölekleýin tassyklandy we birnäçe özgertme yglan edildi, emma meseläniň çözgüdi oba hojalyk boýunça orunbasarlary, häkimleri täzelemekden, käýinç we duýduryş bermekden aňry geçmedi.

Ýerli hünärmenler we synçylar ýurduň oba hojalygynyň we azyk üpjünçiliginiň häzirki düşen ýagdaýyny häkimiýetleriň sowetlerden galan merkezleşdirilen, buýruk usulyndaky dolandyryşy saklap galmak bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Prezident söwda toplumyna we oba hojalygy pudagyna gözegçilik edýän iki orunbasaryny işden boşatdy
Prezident Türkmenistanyň oba hojalyk ministrini täzeledi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi