Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy. Bu barada oilgas.gov.tm habar berýär.

Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew Türkmennebit döwlet konserniniň Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Daşoguznebitönümleri kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup, göreldeli zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy, nesilleriň ajaýyp terbiýeçisi hökmünde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryna, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan jemgyýetçilik ösüşlerine söýginiň, wepalylygyň we buýsanjyň, umumy rowaçlygyň dabaralanmagynyň alamaty, nyşany hökmünde maşgalanyň nowjuwan perzentlerine Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy.

Agramy 2250 gram, boýy 43 santimetr, maşgalanyň 3 — 4 — 5-nji perzentleri bolan üçemleriň, akja gundaga alajadan edilen gundagbag bilen gundalan körpeleriň ösüşiniň, erkin hereketleriniň, duýuş we iýmitleniş synalarynyň, uky ölçegleriniň kadalydygyny, gündelik, hepdelik durmuş we melhemçilik hyzmatlaryna, saglyk ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edilýändigini maşgala lukmanlary buýsanç bilen belleýärler.

Şahymerdan bilen Sülgüniň öň iki çagasy bar. Agzybir maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.

Ýene degişli makalalar

Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji gezek üçem perzentler dünýä indi
Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar