Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji gezek üçem perzentler dünýä indi

Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji gezek üçem perzentler dünýä indi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy. Bu barada oilgas.gov.tm ýazýar.

Gyz çagalara Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy. Bu agzybir maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär. Olaryň ýekeje bir tymsaly — 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda üçemleriň dünýä inmegi hem nobatdaky maşgala rowaçlygy hökmünde söýgülendi diýlip, habarda bellenilýär.

Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew Türkmennebit döwlet konserniniň Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Daşoguznebitönümleri kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup, zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy, nesilleriň ajaýyp terbiýeçisi hökmünde tanalýar.

Şahymerdan bilen Sülgüniň maşgalasynda öňem iki çaganyň bardygyny bellemek gerek. Maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi
Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar