Daşoguzda ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär

Daşoguzda ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär

Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda ýylyň birinji çärýeginde 750 müň manatlyga golaý iş edilip, 101 göterim ösüş gazanyldy. Ekiş möwsüminde bu ýerde tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 60-a golaýy zähmet çekýär. Olar tehnikalary we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary ýasamak işlerini göwnejaý alyp barýarlar.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, kärhanada önümçilik bölümleriniň 2-si hereket edýär.Zawodyň mehaniki bölüminde oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan gurallaryň 100-den gowrak görnüşi öndürilýär hem etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar.

Kärhananyň tehniki bölüminde metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek üçin ulanylýan, tehnikalary abatlaýyş işlerinde zerur bolan kislorod öndürilýär.Gowaça ekişiniň, bugdaýlara ideg işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan häzirki günlerinde zawodda öndürilen ätiýaçlyk şaýlar, kärhananyň demirçi ussalarynyň ýasan dürli görnüşli iş gurallary hem-de beýleki önümler oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz, netijeli işledilmegini üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda 2023 ýyl boýunça 580 müň gektar ýere gowaça ekiler
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi