Daşoguzda täze Hyzmatlar öýi gurulýar

Daşoguzda täze Hyzmatlar öýi gurulýar

Daşoguzda Saýlanan Bina hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan täze Hyzmatlar öýi binasynyň gurluşygy başlandy.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynyň habar bermegine görä, bu täze bina şäheriň halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýjylara hyzmat etmek üçin gurulýar.

Umumy meýdany bir gektardan geçýän täze binada dürli maksatly otaglar, şol sanda myhman otaglary, dolandyryş, önümçilik we ammar jaýlary ýerleşer. Täze jemgyýetçilik desgasy, ilata köp görnüşli hyzmatlary hödürlemek we ýerli ýaşaýjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen häzirki zaman jemgyýetçilik hyzmatlar toplumy bolar.

Onuň işe girizilmegi ýaşaýyş toplumynda täze iş ýerlerini hem döreder.

Ýene degişli makalalar

Baharyň baş baýramynyň dabaralary
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň instituty binagärlik sungatyna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar
Parižde Ýangyn Sebäpli 3 Adam Ýogaldy
Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy