Daşoguzdaky Polimer önümleri zawodda dürli ululykdaky turbalaryň 90 tonnasy öndürildi

Daşoguzdaky Polimer önümleri zawodda dürli ululykdaky turbalaryň 90 tonnasy öndürildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Polimer önümleri zawodynda öndürilen polietilen hem polipropilen turbalaryň uly tapgyry baglaşylan şertnama esasynda sarp edijilere ugradylýar.

2023-nji ýylyň 3 aýynda zawod boýunça dürli ululykdaky turbalaryň 90 tonnasy, halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlaryň, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen bir gezek ulanylýan gapjagazlaryň, bulgurlaryň we beýleki polimer önümleriniň hem 2 tonnadan gowragy öndürildi.

Ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna önüm öndürmäge barabar bolan kärhanada işçi-hünärmenleriň 90-a golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde diametri 16 millimetrden 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň 23 görnüşi öndürilýär. Olar gurluşyklarda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda giňden ulanylýar diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy
Müsür Russiýadan bugdaý satyn aldy
Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar
Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI