Müsür Russiýadan bugdaý satyn aldy

Müsür Russiýadan bugdaý satyn aldy

Müsüriň Üpjünçilik önümleri Baş geňeşi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, 240 müň tonnalyk bugdaýyň importynyň Oraz aýynyň bir bölegine gabat gelýän 1-15-nji aprel aralygynda amala aşyrylmagyna garaşylýandygy habar berildi.

Geňeş Bütindünýä Bankynyň maliýeleşdirilmeginde amala aşyryljak import üçin her tonna bugdaý üçin 317,5 dollar tölenjekdigini mälim etdi.

Tölegiň bugdaý Müsüriň portlaryna getirilip, gözden geçirileninden soň, ýerine ýetiriljekdigi aýan edildi.

Ýyllyk bugdaý zerurlygynyň 80 göterimini import edýän Müsür, dünýä derejesinde şol ugurda ilkinji hatarda durýar.

Oba hojalyk ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä geçen ýyl 13,3 million tonna import eden Müsüriň iň uly üpjünçisi 8,96 million tonna bilen Russiýa boldy.

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli başdan geçirilen üpjünçilik meselelerinden soň, Müsürde 2022-nji ýylyň 3-nji martynda bugdaýyň bahalarynyň her tonnasy takmynan 53 dollar gymmatladylypdy.

Ýene degişli makalalar

Kuşadasy Etrabynda 2,350 Ýyllyk Gorgan Tapyldy
Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasy 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlady
Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar
Daşoguzdaky Polimer önümleri zawodda dürli ululykdaky turbalaryň 90 tonnasy öndürildi
Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI