ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi bilen gepleşikler geçirildi

24-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alşyldy.

Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, ýagny, kiberhowpsuzlyk, maglumat alyşmak, maglumat howpsuzlygy boýunça brifingleri we okuw maksatnamalaryny geçirmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Müsür Russiýadan bugdaý satyn aldy
Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar
Daşoguzdaky Polimer önümleri zawodda dürli ululykdaky turbalaryň 90 tonnasy öndürildi
Stambulda 1500 Ýyllyk Däliz Tapyldy
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Waşingtonda Entoni Blinken bilen duşuşdy