Daşoguzdaky teatrda ýapon dramaturgynyň eseri sahnalaşdyrylýar

Daşoguzdaky teatrda ýapon dramaturgynyň eseri sahnalaşdyrylýar

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Durna umydy atly spektaklyň taýýarlyk döwri dowam edýär. Täze sahna eserini Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar.

Oýnuň edebi esasy meşhur ýapon dramaturgy Kinosita Dzýundziniň Durna ýelegi atly pýesasyndan alnan. Gadymy ýapon ertekisi bu pýesanyň ýordumyny emele getirýär. Onda maşgala we onuň gadyr-gymmaty, söýgi, dostluk hakyndaky mukaddes duýgular beýan edilýär.

Durna — wepadarlygyň, parasatlylygyň, ygrarlylygyň we bagtyň nyşany hasaplanýar. Bu edebi esasda birnäçe filmleriň, multfilmleriň surata düşürilendigini, dünýäniň dürli döwletleriniň teatr sahnalarynda ençeme gezek sahnalaşdyrylandygyny, olaryň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolanlarynyň hem bardygyny nygtamak zerur. Bu eser Anna Meläýewiň terjime etmeginde we edebi taýdan gaýtadan işlemeginde, ýurdumyzyň teatrlarynda hem goýuldy.

Sahna oýnunda Begli Dowlyýew, Ogulgerek Şyhyýewa, Döwran Bekdurdyýew, Begenç Mädalyýew dagy keşp janlandyrýarlar. Täze eseri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ilkinji gezek görkezmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
DURNA UMYDY SAHNADA
Durna umydy atly spektakl sahnalaşdyryldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler