Daşoguzly daýhanlar her gektardan 15 sentner mäş ýygmagy maksat edinýärler

Daşoguzly daýhanlar her gektardan 15 sentner mäş ýygmagy maksat edinýärler

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda häzirki wagtda mäş ýygymy alnyp barylýar. Sebitiň daýhanlary her gektardan azyndan 15 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, meýdanlardan ýygnalýan hasyl “Daşoguzgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar we ýygnalan mäş barlaghanalarda berk gözegçilikden geçirilýär.

Şu ýyl Könürgenç etrabynyň daýhanlary 550 gektar meýdana mäş ekip, onuň hasylyny ýygnamakda öňdeligi saklaýarlar. S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary bolsa 700 gektara kösükli ekini ekip, sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.

Daşoguz welaýatynda mäşden başga-da, ýene 250 gektar meýdana guraklyga we dürli kesellere çydamly noýba ekildi.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär
Daşoguzda gektar başyna 15 sentnerden mäş hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär
Daşoguzly oba hojalykçylar şu ýyl 4 müň gektar ýere kösükli ekinleri we künji ekýärler
Daşoguz welaýatynda kösükli we ýag alynýan ekinleriň bol hasyly ýygnaldy
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe gurulýar
Köneürgenç etrabynda täze döwrebap obanyň gurluşygy dowam edýär