DATMENI hem datly, hem ýokumly önümlerini müşderilere hödürleýär

DATMENI hem datly, hem ýokumly önümlerini müşderilere hödürleýär

Telekeçi Meret Meredowyň hususy önümçilik kärhanasy aýratyn lezzeti, şeýle hem ýokumlylygy bilen tapawutlanýan şokolad önümlerini, gury iýmişleri, nahar duzuny, miwe şerbetlerini hem-de mürepbelerini müşderilerine hödürleýär.

Datmeni göwnüň açylsyn

TEBIGY — ÝOKARY HILLI — ELÝETERLI Hususy kärhana harytlarynyň tebigy önümlerden taýýarlanmagy, ýokary hilli we elýeterli bolmagy ugrunda jan çekýär. Önümleriň ählisi ýerli bolup, olar elin taýýarlanylýar. DATMENI her bir işde, ilkinji nobatda, sarp edijileriň bähbidini göz öňünde tutýar. Şerbetlerdir mürepbeler adam saglygyna peýdaly bolan sagdyn miwelerden taýýarlanylýar. DATMENI haryt nyşanly önümleriň peýdalary:

DEREK datmak gerek

Hususy kärhana şeýle hem DEREK haryt nyşanly şokolad önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.Hususan-da, nohutly, kişmiş, arahisli, daş şekilli şokolad görnüşlerini hem hödürleýär.Derek şokolad önümleri dürli maňyzlardan taýýarlanylýar. 100 gramlyk taýýar önümiň kuwwatlyk gymmaty 505 kkal deň. Ýokary hili we lezzeti bilen tapawutlanýan önümler körpeje müşderileriň uly isleginden peýdalanýar. Şokolad önümleriniň düzüminde GMO ýok. Şeýle hem HK Türkmenistanda duz önümçiliginde ilkinjileriň biri bolup 100% tebigy bolan Dat nahar duzuny hödürledi. Ýodlaşdyrylan nahar duzy adam bedeninde ýod ýetmezçiliginden döreýän keselleriň öňüni almaga niýetlenendir.

Telekeçi Meret Meredowyň hususy önümçilik kärhanasynda önümleriň ählisi 100% tebigy bolup, olaryň düzüminde GMO ýok. Şeýle hem önümçilikde arassaçylyk işlerine ýokary derejede üns berilýär.

DATMENI HK bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 57-61-59; +993 61 10-75-71 Instagram: datmeni.tm; derek_tm_

Ýene degişli makalalar

Halkara Bitaraplyk güni hem-deTäze ýyl baýramy mynasybetli Datmeni haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär
50-den gowrak jemgiýetçilik guramasy Türkmenistan babatda Moskwa mehanizmini ulanmagy ÝHHG-dan talap edýärler
Filippinlerde Rai taýfuny sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Braziliýadaky daşgyn suwlarynyň pidalary 200 adamdan geçdi
Türkiýe Hojaly Genosidi Sebäpli Azerbaýjana Duýgudaşlyk Bildirdi
Täze köpaýakly jandar Teýlor Swiftiň hormatyna atlandyryldy