Dawosdaky bütindünýä ykdysady foruma taýýarlyk görülýär

Dawosdaky bütindünýä ykdysady foruma taýýarlyk görülýär

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçjek Bütindünýä ykdysady foruma gatnaşyjylaryň sany has köp bolar diýip, Interfax.ru habar berdi.

Foruma 2,7 müň adam gatnaşar, olar dünýäniň ýurtlarynyň köpüsiniň ýokary derejeli wekilleri bolup, şol sanda Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Ýewropa komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen dagylar hem bar.

Özara pikir alyşmalarda häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady meselelerine aýratyn üns berler, şonuň üçin duşuşyklara dünýä ýurtlarynyň ykdysasyýet we maliýe ministrleri, Merkezi banklaryň 20 dolandyryjysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hepdäniň dowamynda pikir alyşmalarda şeýle-de gender we jyns deňligi hem-de sebitleriň meselelerine üns çekiler.

Bütindünýä ykdysady forum Dawos şäherinde 16-20-nji ýanwarda geçer.

Ýene degişli makalalar

Dawosda ykdysady forum geçiriler
Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ÝB Tunis: migrasiýany çäklendirmek barada şertnama
Çip önümçiligine 90 milliard ýewro çekdi
Mikroçiplere garaşlylygy azaltmak isleýär