Dekolonizasiýa sapaklary: Işlenmedik öý işleriniň bahasy näçe bolýar?

Dekolonizasiýa sapaklary: Işlenmedik öý işleriniň bahasy näçe bolýar?

Türkmenistan ozalky koloniýadan çykan, şol bir wagtda-da öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemekde, uzaga çeken baknalygyň medeni ýa-da sosial täsirlerinden saplanmakda kynçylyk çekýän ýurt hasaplanýar.Bu ugurda iň soňky çykan habar türkmen hökümetiniň Russiýa gidip, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşuna goşulmakçy bolýan ýaş raýatlary barada edýän aladalary bilen bagly.

Mundan öň Aşgabat ýurtdaky agyr işsizlik zerarly Türkiýä gidýän raýatlarynyň ol ýere wizasyz baryp bilmek mümkinçiligine garşy göreşipdi.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, Aşgabat häzir dekolonizasiýa prosesinde goýberen ýalňyşlyklarynyň, üstesine çözülmedik, hatda boýun hem alynmadyk işsizlik, okuwsyzlyk ýaly meseleleriň muzduny töleýär.

Dekolonizasiýa sapaklary tapgyryndan Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy bilen geçiren söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär?
Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
Mekdeplerde okadylýan sapaklar durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli synçy
Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar
1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy?