Demirýollary AGPJ: Türkmenistan boýunça şäherara gatnawlar doly dikeldildi

Demirýollary AGPJ: Türkmenistan boýunça şäherara gatnawlar doly dikeldildi

Demirýollary AGPJ Türkmenistanda şäherara ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň täzeden hereket edip başlandygyny habar berdi.

AGPJ-niň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat we Türkmenbaşy —Türkmenabat — Türkmenbaşy ugurlary boýunça otly gatnawlary öňki tertibe gaýdyp geldi. 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ýurtda ýolagçy otlulary Türkmenabat — Gazojak — Türkmenabat, Türkmenabat — Amyderýa — Türkmenabat we Mary —Serhetabat — Mary ugurlary boýunça gatnap başlar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda mart aýyndan başlap, Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat (Mary şäherinde durup geçýär), aprel aýyndan başlap bolsa Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawy ýola goýlupdy.Gatnawlar arassaçylyk we sanitariýa talaplaryny berjaý etmek şerti bilen dikeldildi.

Otly gatnawlarynyň häzirki tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.Demirýollary AGPJ-nyň resmi web sahypasynda, şeýle hem Android we iOS ulgamlar arkaly işleýän telefonlardyr planşetler üçin niýetlenen programmalar arkaly ýolagçy petegini onlaýn satyn alyp bolýar.

Bu hyzmat ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we etraplarda işleýär.Hyzmaty ulanmak üçin internete girmek ýeterlikdir.

Ýene degişli makalalar

Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy
Aşgabat Awaza Aşgabat awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy belli boldy
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler