DIM-de UNFPA-nyň we ILO-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler.Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw saglyk, maşgalanyň meýilleşdirilmegi we çaganyň ösüşi ulgamyndaky çäreleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen geljekki hereketler boýunça pikirler alyşyldy.

Sebit we global derejesinde utgaşdyrylan amallaryň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen taraplar, Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamyndaky işlerini, hususan-da durmuş taýdan goraglylyk bilen birlikde migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ýardam bermek boýunça hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar.HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistan gender deňliginiň, zähmet goragynyň kadalaryny berjaý etmek arkaly talabalaýyk zähmetiň üpjün edilmegi babatynda hemmetaraplaýyn hereket edýändir.

Taraplar häzirki globalizasiýa we ykdysady integrasiýa döwründe sebit, şonuň ýaly-da dünýä derejesinde zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagynyň meselesiniň has derwaýys häsiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

20.02.2020 | DIM-de ýurdumyzyň BMG-nyň Ilat gaznasy we Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugruň açylmagy maslahatlaşyldy
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi