Dimitrowyň iň uly ýeňşi

Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda tennis boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýylyň jemleýji ýaryşy “ATP Finals”-da bolgariýaly Grigor Dimitrow ýeňiş gazandy.Ol 2,5 sagatda tamamlanan finalda belgiýaly Dewid Goffinden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Bu ýaryşda ilkinji gezek finala çykan 6-njy we 7-nji belgili tennisçileriň duşuşygynda 1-nji setde Dimitrow 7:5 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji setde Goffin 6:4 öňe saýlanyp, umumy hasaby deňledi. 3-nji setde 6:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan 26 ýaşly Dimitrow karýerasyndaky iň uly çempionlyk kubogyny asmana göterdi.

Bu onuň ATP-niň ýaryşlarynda gazanan 8-nji we karýerasyndaky iň esasy çempionlygydyr.1970-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýylyň iň gowy 8 tennisçisiniň gatnaşýan ýaryşynda Federer 6 gezek çempion bolup, bu ugurda öňde barýar.

Federer şu ýylky bäsleşikde garaşylmadyk ýagdaýda ýarym finalda Goffinden asgyn gelipdi.Iwan Lendl, Pit Sampras we Nowak Jokowiçiň 5 çempionlygy bar. Şu ýylky ýaryşda 2-nji oýunlardan soň, şikesi sebäpli bäsleşigi dowam etdirip bilmedik Rafael Nadalyň “ATP Finals”-da häzire çenli çempionlygy ýok.

Ýene degişli makalalar

Iki tennisçiniň hem 5-nji kubogy
Fransiýanyň 10-njy çempionlygy
Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi
Onuň alyhezretleri karýerasyny tamamlady
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy