Fransiýanyň 10-njy çempionlygy

Erkekleriň arasynda tennis boýunça ýygyndy toparlaryň ýaryşy bolan Dewis Kubogynda Fransiýa ýeňiş gazandy.Olar Fransiýanyň Lill şäherinde oýnalan finalda belgiýaly tennisçilerden 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Fransiýanyň adyndan Žo-Wilfred Tsonga, Lýuka Puý, Riçard Gaske, Pier-Ýug Erber, Belgiýanyň düzüminde-de Dawid Goffin, Stiw Darsi, Ruben Bemelmans hem-de Ýoris de Lore çykyş etdi.Geçirilen duşuşyklarda Goffin Puýy (7:5, 6:3, 6:1), Tsonga-da Darsini 3:0 (6:3, 6:2, 6:1) hasabynda utdy.

Jübütleriň duşuşygynda Gaske bilen Erber ikisi garşydaşlary Bemelmans we De Loreni 3:1 (6:1, 3:6, 7:6, 6:4) ýeňdi. Çekeleşikli geçen oýunda-da Goffin Tsongadan 3:0 üstün çykyp, umumylykda hasaby deňledi (2:2).

Jemleýji oýunda-da Puý Darsini 3:0 (6:3, 6:1, 6:0) hasabynda utdy. Şeýlelikde, Fransiýanyň ýygyndysy 10-njy gezek Dewis Kubogyny gazandy.Olar iň soňky sapar 2001-nji ýylda ýeňiji bolupdy. 106-njy gezek geçirilen Dewis Kubogyny ABŞ 32, Awstraliýa 28, Fransiýadyr Beýik Britaniýa-da 10 sapar eýeledi.

Ýene degişli makalalar

13 ýyldan soň, 2-nji kubok
Iki tennisçiniň hem 5-nji kubogy
Dimitrowyň iň uly ýeňşi
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Ýazguly Hojageldiýew Ronaldinýo bilen güýç synanyşar
Türkiýe-Afrika Gatnaşyklary Pugtalanýar