“Dior” moda öýi ekologiýa baýragyna mynasyp boldy

“Dior” moda öýi ekologiýa baýragyna mynasyp boldy

“Dior” fransuz brendi “Forbes Fashion Week-iň” ekologiýa baýragy bilen sylaglandy. Bu barada “WWD” žurnaly ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Parižde Trophee Forbes we OniriQ dabarasy geçirilip, onda “Dior” brendine ýaş dizaýnerleri goldamak üçin döredilen “Forbes France” baýragy gowşuryldy.Fransuz brendi bu baýraga kenarýaka eşikleriniň kapsula hataryny döredendigi üçin mynasyp boldy.

Moda öýüniň döredijilik müdiri Kim Jons ony ummanlary goramak boýunça täjirçilik däl gurama Parley for the Oceans bilen hyzmatdaşlykda döretdi. Şeýle-de, brendiň “Dior in Green” maksatnamasy tarapyndan kesgitlenen durnukly ösüş ugrundaky hereketleri hem bellenildi. 2019-njy ýyldan bäri Kim Jons Parley bilen Maldiwleriň, Dominikan Respublikasynyň we Şri-Lankanyň kenarlaryndan ýygnalan plastik galyndylaryndan we balykçylaryň enjamlaryndan täze ýüplük döretmek boýunça bilelikdäki gözleg taslamasynyň üstünde işledi.

Netijede, poliester döredilip, ol geçen ýylyň aprel aýynda çykarylan kenarýaka eşikleriniň hatarynda ulanyldy.

Ýene degişli makalalar

37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň ýeňijileri Leýdi Gaga bilen BTS
Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy
Lady Gaga iň gowy aýdymçy, “Dynamite” iň gowy aýdym diýlip saýlandy
Iň gowy aýdym “Dynamite”, iň gowy aýdymçy Lady Gaga
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Türkmenistanda “Startup Weekend” forumy geçiriler