Dirižýor Resul Gylyjow Russiýanyň Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023 çäresine gatnaşdy

Dirižýor Resul Gylyjow Russiýanyň Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023 çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sungat müdiri we baş dirižýory Resul Gylyjow Russiýanyň Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023 döwletara maksatnamasynyň ýapylyşy üçin Sank-Peterburga çagyryldy.

Şu çäre mynasybetli D.D.Şostakowiçiň adyny göterýän Sankt-Peterburg akademiki filarmoniýasynyň uly zalynda SSSR-iň halk artisti, sowet we rus dirižýory Ýuriý Temirkanowyň hatyrasyna Russiýanyň halk artisti, Arkalaşygyň ýyldyzlary baýragynyň eýesi Sergeý Skripkanyň ýolbaşçylygynda GDA ýaşlar simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr habar bermegine görä, azerbaýjanly Murzata Bulbul, Gyrgyzystanyň wekili Rahat Osmonaliýew we watandaşymyz Resul Gylyjow dirižýoryň sahnasynda çykyş etdiler. Orkestr bilen bilelikde meşhur operalardan ariýalar we ansambllary ýaş solistler - Uly teatrynyň ýaşlar maksatnamasyna gatnaşyjylar, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlaryna wekilleri ýerine ýetirdiler.

Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023 maksatnamasynyň çäginde medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek we halklaryň arasyndaky düşünişmegi gowulandyrmak üçin festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler gurnaldy we geçirildi.

Bu nukdaýnazardan GDA ýaşlar simfoniki orkestri GDA agza ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň hakyky nyşanydyr. Her ýyl bu çykyşlaryň göwrümi giňeldilýär: Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan.

Filarmoniýada geçirilen agşamynyň esasy wakasy GDA-nyň Medeniýet paýtagty diýen hormatly adyň Samarkant şäherine (Özbegistan) berilmegi boldy.

Ýene degişli makalalar

Dirižýor R. Gylyjow Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023 çäresine gatnaşdy
Kompozitor Daňatar Hydyrow: ylham simfoniýasy
Gyşa bagyşlap, Paganininiň Kaprisi we jaz sazlary, şeýle hem Çaýkowskiniň we Rahmaninowyň eserleri ýerine ýetirildi
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Türkmen-awstriýa simfonik orkestri Mukamlar köşgünde konsert berer
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi