Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti

Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda mugallymlaryň we talyplaryň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleri we leksiýa esasynda geçdi.

Konsertde halk sazy hünäriniň II ýyl talyby Eziz Nursahatow Nury Halmämmedowyň Elegiki prelýudiýa we fuga atly eserini ýerine ýetirdi.Dabaraly konsert aýdymlar bilen dowam etdi.Konsertde Aýdym sungaty hünäriniñ IV ýyl talyby Sähra Akmämmedowa W.Muhadowyň Söýgülim gelýär atly aýdymyny mugallym Orazjemal Myradowanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi we halk sazy hünäriniň III ýyl talyby Güljemal Taýlyýewa, Eziz Nursahatowyň sazandarlyk etmeginde Hydyr Allanurowyň Näme sen aýdymyny ýerine ýetirdi.

Konsertde I ýyl talyby Öwezmuhammet Amangeldiýew ýerine ýetirmeginde Durdy Nuryýewiň Watanymyň öwüşgini atly saz eseri ýaňlandy.

Soňra dabaraly konsert liriki we söýgi aýdymlary bilen dowam etdi. Aýdym sungaty hünäriniñ III ýyl talyby Kadyr Esenow mugallym Lola Atajanowanyň sazandarlyk etmeginde A.Agajykowyň Aýly agşam we Bilbil näme saýraýar atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Dabaraly konsertiň dowamynda ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň eserlerinden düzülen aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Ýagny, Aýdym sungaty hünäriniñ III ýyl talyby Baýramtäç Gandymowa mugallym Orazjemal Myradowanyň sazandarlyk etmeginde Neýläýin, şol ýylyň talyby Aýbölek Hamadowa Geler atly aýdymlary ýerine ýetirdi.

Halk saz gurallary fakultetiniň II ýyl talyby Jangeldi Hümmedow bolsa kompozitoryň Saňa atly saz eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.Kompozitoryň Mylly Taçmyradowa bagyşlanan Dutaryň owazy eseri Orkestr saz gurallary fakultetiniň Skripka hünäriniñ IV ýyl talyby Nurmuhammet Toýlyýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Konsert beýleki türkmen nusgawy kompozitorlaryň eserleri bilen dowam etdi. Ýagny, Rejep Rejepowyň Ýalňyz ýoda hem-de Çary Nurymowyň Gitme sen atly aýdymlaryny II ýyl talyp Ýusup Ataýew mugallym Jemal Arrykowanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi.

Soňra bolsa kompozitor Çary Nurymowyň Prelýudiýa saz eserini talyp Handurdy Ataýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.Soňlugy bilen şol depginde I ýyl talyp Mähri Mürrikowa Gurban Çaryýewiň Elegiýa saz eserini çalyp berdi.

Konsertde ýenede birnäçe aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Ýagny IV ýyl talyp Seýran Arrykow Baýramdurdy Hudaýnazarowyň Tokkata saz eseri, soňra bolsa Sähra Akmämmedowa Jeren Gurbangylyjowanyň Seni ýatlap we Ýagyşly gün, hem-de Daňatar Hydyrowyň Bagyş et maňa ýaly aýdymdyr romanslaryny, Kadyr Esenow bolsa Daňatar Hydyrowyň Özgeleri diňledim, hem-de Şadyýan gün atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Konsertiň jemleýji pursatynda bolsa Togrulbeg (Sabo) Artykowyň Durnalar atly aýdymyny III ýyl talyplar Baýramtäç Gandymowa, Humaý Kakaýewa, Güljemal Taýlyýewanyň kanunda, Eziz Nursahatowyň gitarada we Serdar Tagandurdyýewiň depde sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdiler we konsert uly el çarpyşmalar bilen jemlendi. Konsertde mugallymlary okuwçylar we kärdeşleri gyzgyn gutlap, gül dessedir çemenlerini gowşurdylar.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Ilkinji söýgim atly film tomaşaçylara görkezildi
Resmi habar
“Aýy” sahna oýny köpçülige hödürlendi
Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
24.08.2019 | Resmi habar