Ilkinji söýgim atly film tomaşaçylara görkezildi

Ilkinji söýgim atly film tomaşaçylara görkezildi

Bägül Hojaberdiýewanyň ýazan ssenariýasy esasynda Guwançmyrat Allanazarowyň režissýorlyk etmeginde düşürilen Ilkinji söýgim atly film Türkmen owazy teleýaýlymy tarapyndan tomaşaçylara görkezildi.

Täze filmiň režissýory Guwançmyrat Allanazarowyň Turkmenportal web saýtymyzyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, film Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynyň çäklerinde surata düşürildi. Onda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýaşlyk ýyllary toslama esasynda beýan edilýär.

1974 — 1980-nji ýyllaryň wakalary esasynda düşürilen filmde halypa aýdymçy Atageldi Garýagdyýew göwün berip, ilkinji söýen Läle atly gyzyna gowşup bilmeýär. Munuň sebäbi bolsa, Atageldi watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edip gelenden soň, ejesi bilen ýeňňesini Lälelere sawçylyga iberýär. Läläniň ejesi öz gyzyny aýdymçy oglana bermek islemeýändigini aýdýar. Şeýlelik bilen iki aşyk-magşuk biri-birinden aýra düşýär.

Filmde baş keşplerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Şatlyk Gurbannazarow Atageldi Garýagdyýewiň ýetginjek döwrüniň, Güljemal Taýlyýewa bolsa Läläniň keşbinde, mundan başga-da, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Atageldi Garýagdyýew, Kakadurdy Täjimow, Şemşat Hojaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa dürli keşplerde, şeýle-de Atageldiniň çagalyk dostlarynyň keşbinde bolsa Türkmenistanyň at gazanan artistleri Öwezmuhammet Meredow (Tikgi) Meret suwçynyň, Annagylyç Çaryýew (Potdyş) Hojatdynyň, şeýle hem Serdar Däliýew dagylar çykyş edýärler.

Ilkinji söýgim atly film tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Onuň 23-nji martda ýaýlyma berilmegi bolsa, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýewiň doglan gününiň 70 ýyllyk ýubileýine özboluşly sowgat boldy.

Ýene degişli makalalar

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Beýik Pyragy we Nury Halmämmet atly aýdym-sazly dabara
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
Leýli Garýagdyýewa VIII halkara sungat bäsleşiginiň üçünji derejeli garmoniýa diplomyna mynasyp boldy
Türkmeniň saýrak bilbili