Dodge 2023-nji ýylda täze Hornet wnedorožnigi bilen tanyşdyrar

Dodge 2023-nji ýylda täze Hornet wnedorožnigi bilen tanyşdyrar

2023-nji ýylda Dodge gibrid subkompakt wnedorožnigini görkezer diýip, kompaniýada mälim etdiler. Hornet modeli Alfa Romeo Tonale-niň platformasynda gurlar. Bu barada 17-nji awgustda Car and driver žurnaly habar berdi.

Hünärmenleriň pikirine görä, Dodge Hornet krossoweri brendiň täze eýýamyny başlar.Hornet GT, başlangyç model, kuwwaty 268 at güýjüne deň bolan iki litrlik motor bilen enjamlaşdyrylar.Hereketlendirijisi geçirijiniň dokuz basgançakly awtomatik korobkasy bilen işlär.

Kompaniýanyň baha bermegine görä, GT wersiýasy 6,5 sekundyň içinde noldan 96 km/sag-a çenli badyny artdyrar, aňrybaş tizligi bolsa 225 km/sag bolar.Indiki Hornet R/T gibrid modeli bolar.

Göwrümi 1,3 litrlik benzinli motoryň, altybasgançakly awtomatyň we yzky oka oturdyljak, kuwwaty 121 at güýjüne deň bolan elektromotoryň sazlaşygy.Güýç berýän gurluşyň umumy kuwwaty 288 at güýjüne deň bolar.

Onuň aňrybaş tizligi 205 km/sag bilen çäklenýän hem bolsa, ulag özüniň garnuwsyz görnüşinden çalt hereket edýändir.Bezegi boýunça Dodge-niň radiatorynyň gözenegi benzin bilen işleýän V8 modeliniň äheňinde bolar.

Ýene degişli makalalar

Hemilton Portugaliýanyň "Gran-prisinde" ýeňiji boldy
Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy
“Formula 1”-iň sürüjileri näçe gazanýarlar?
Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Independent Formula-1-da iň ýokary aýlykly sürüjileri mälim etdi