DÖWLET KITAPHANASYNYŇ TARYHY WE ONUŇ BÖLÜMLERI BILEN TANYŞDYRMAK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaphana işini çuňňur öwrenmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi.Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşyp, “Döwlet kitaphanasynyň taryhy we onuň bölümleri bilen tanyşdyrmak” atly tejribe sapagy gurnaldy. Çykyş eden kitaphanaçylar Döwlet kitaphanasynyň taryhy, bölümleri we olaryň alyp barýan iş aýratynlyklary dogrusynda gürrüň berdiler.

Mundan başga-da kitaphanalarda okyjylara döwrebap hyzmat etmekligiň dürli görnüşleri, olara medeni köpçülik işleriniň üsti bilen ýagny okyjylar maslahatlary, edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler, şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda, kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri: Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem gurnaga gatnaşan talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy.

Tejribe sapagyna gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Garaşsyz Watanymyz baky gül açýar
Öz ýurduňy bilýärmiň?
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň belent ösüşleriniň waspy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi