Döwletenergogözegçilik hyzmat portalyny işe girizýär

Döwletenergogözegçilik hyzmat portalyny işe girizýär

Döwletenergogözegçilik kärhanasy öz internet portalyny işe girizdi. Web sahypadaky maglumatlar türkmen we rus dillerinde berilýär.

Döwletenergogözegçilik kärhanasynyň täze web sahypasynda hasaba durmaklyk, elektrik hyzmatlary üçin tölegleri uzak aralykdan geçirmäge, tölegleriň taryhy bilen yzygiderli tanşyp durmaga (töleg kitapçasynyň wezipesi), hasaby barlamaga we gözegçiler bilen habarlaşmaga mümkinçilik berer.

Web-saýtda hasaba alynmak we şahsy hasap belgisini almak üçin Döwletenergogözegçilik gullugynyň islendik bölümine baryp, pasport maglumatlaryny, telefon belgini (bar bolsa, elektron salgyny) bermeli. Müşderiniň hasaba alnandygy baradaky maglumat we gizlin sözi onuň el telefonyna SMS habarnamasy hökmünde ugradylýar. Şeýle hem, hasaba alyş onlaýn görnüşde amala aşyrylyp bilner.

Şahsy hasaby arkaly elektrik toguny tölemek üçin elektrik hasaplaýjynyň görkezijisiniň soňky dört belgisini degişli penjirä girizmek ýeterlikdir - ýörite programma tölegiň mukdaryny kesgitleýär.

Geljekde bu hyzmaty ulanmagyň amatly bolmagy üçin ykjam programmany hem döretmek meýilleşdirilýär.

Döwletenergogözegçilik kärhanasynyň hyzmat portaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we jemgyýetiniň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak we kompýuterleşdirmek kampaniýasynyň çäginde döredildi.

Ýene degişli makalalar

Lebaply býujet işgärleri we okuwçylar buýan köküniň şiresini ýanyna alyp ýörmeli edildi
Türkmen telekeçileri güýçli depginde miwe we gök önüm pudagyny ösdürýärler
Serdar hakyky mirasdüşermi? Türkmenistanyň prezidenti ogluny häkimiýete nähili taýýarlaýar
Ankarada Türkmen-Türk we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Berdimuhammedow we Putin Hazar forumyna taýýarlyk barada telefonda maslahat etdiler
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuna baryp gördi