Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy belli boldy

Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy belli boldy

Bellator ligasynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy belli boldy. Ýarym agyr agram derejesinde tutluşyklara gatnaşýan Döwletjan indiki tutluşygyny Bellator 300-iň çäklerinde polşaly Maseý Ružanski bilen geçirer. B tutluşyk 8-nji oktýabrda ABŞ-nyň San-Diego şäherinde geçiriler.

Häzir Bellatorda Ýagşymyradowyň bassyr iki ýeňşi bar. Türkmenistanly pälwan şu ýylyň mart aýynda geçiren ahyrky tutluşygynda eminleriň biragyzdan gelen karary bilen litwaly Julios Anglikasdan üstün çykypdy.

Ružnski bolsa şu ýylyň fewralynda Karl Murdan utuk tapawudy bilen utulypdy.

34 ýaşly Döwletjan ýagşymyradow Bellator bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy. Ol bu ligada ilkinji türkmenistanly pälwandyr.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
Döwletjan Ýagşymyradowyň ligasynyň satylmagy mümkin
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady, Arkadag şäherinde täze döwrebap çagalar seýilgähi gurlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasyna baryp görer we beýleki habarlar