Döwletjan Ýagşymyradowyň ligasynyň satylmagy mümkin

Döwletjan Ýagşymyradowyň ligasynyň satylmagy mümkin

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň hem agza bolup durýan Bellator promouşeniniň satylmagy ahmal. Häzirki günlerde PFL promouşeni Bellatory satyn almak üçin Paramount Global kompaniýasy bilen gepleşikleri geçirýär.

Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, taraplaryň 500 million nyrhda ylalaşmaklaryna garaşylýar. Paramount nagt pul bilen birlikde PFL-iň Bellatordaky tutluşyklaryndan paý alar. Bu söwda-da PFL-ä Saud Arabystanynyň maýa goýum kompaniýasy ýardam berer.

Bellator 2008-nji ýyldan bäri Paramount kompaniýasyna degişli. Promouşene 2014-nji ýyldan bäri Strikeforce kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Skott Koker ýolbaşçylyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradowyň geçirjek ýarymfinal tutluşygynyň güni belli boldy
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÜRKMEN HALKYNYŇ DESSANÇYLYK DÄPLERI: TARYH, NAZARYÝET, TEJRIBE ATLY SEMINAR MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda