Döwletli etrabynda ýene 20-den gowrak hojalyga tebigy gaz çekildi

Döwletli etrabynda ýene 20-den gowrak hojalyga tebigy gaz çekildi

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Hatap obasynyň ýaşaýjylarynyň ýigrimiden gowrak hojalygyna tebigy gaz geçirildi. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Lebapgazüpjünçilik müdirliginiň Döwletlietrapgaz gaz hojalyk edarasyndan alnan maglumatlara görä, munuň üçin alty kilometrden gowrak gaz geçirijisi çekildi. Türkmenistanda ilatly ýerleri gazlaşdyrmak işine Garaşsyzlyk alnan ilkinji ýyllarda başlandy. Ähli ilatly ýerlere gaz geçirijileri çekildi.

Döwletli etrabynda häzir 11,2 müňe golaý hojalyk mawy ýangyçdan peýdalanýar. Emele gelýän täze maşgalalara mellekleriň paýlanmagy bilen täze obalar, öňden bar obalarda täze köçeler emele gelýär. Meýilnama laýyklykda, olary gazlaşdyrmak işi dowam etdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanyň birnäçe edara-kärhanasynda işgärleriň zähmet haklary gijikdirilýär
Gazagystanda Garyň Eremegi Sebäpli Emele Gelen Daşgyndan 100 Müňden Gowrak Adam Halas Edildi
Aktiwist Myrat Duşemow dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi
Otaga gidýän çagalardan dilhaty alynýar, olar 'bu işe höwesim bar' diýmeli
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi
Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri täze gurluşyklary dikuçardan synlady