Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat

2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň we XIX asyr Azerbaýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” ylmy maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Kitaplar-giň dünýäniň gapysy” atly dostluk sergisi gurnaldy.Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem-de Döwletmämmet Azadynyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem döwürdeşleriniň gymmatly eserleri, Azerbaýjan Respublikasynyň sungatyny, medeniýetini we edebiýatyny tanyşdyrýan neşirleriň hem birnäçesi ýerleşdirildi.

Halkara hyzmatdaşlygy we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kitaphanalarynda, bilim ojaklarynda, edaralarynda, edebi döredijilik çäreleri ýurdumyzda parahatçylygy, goňşuçylyk gatnaşyklaryny we medeni mirasymyzy wagyz etmäge gönükdirilendir.Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik
Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Pars edebiýatynyň iň abraýly baýragy gowşuryldy
Hazar mediaforumy: sebitiň ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk
Raýat awiasiýasy üçin täze howa menzili