“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr azerbaýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde, Arkadag şäherinde dürli medeni çäreler geçirildi.Magtymguly Pyragynyň pederiniň adyny göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatyň dowamynda, kitaphana hünärmenleriň gurnamagynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi, eserleri edebiýat ylmynda orta asyr dilimizi öwrenmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar.Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri ýaş nesilleri terbiýelemekde uly mekdep bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, Azerbaýjanyň ussat mugallymy, belli ýazyjysy Seýid Azim Şirwany satiriki goşgularynda we ertekilerinde aň-bilimli, medeniýetli bolmaga çagyrýar.

Ussat ýazyjynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri bu günki gün türkmen edebiýatynda hem öwrenilmäge giň ýollaryň açylandygynyň aýdyň beýanydyr.Azerbaýjan halkynyň medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny öwrenmäge uly orun berilýändigi barada söhbetdeşlikde buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda dost-doganlyk döwletleriň ajaýyp medeniýetini, gymmatly edebiýatyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat
Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Pars edebiýatynyň iň abraýly baýragy gowşuryldy
Hazar mediaforumy: sebitiň ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk
Raýat awiasiýasy üçin täze howa menzili