“Doganlar ýyldyzy” “Syrdaş” haryt nyşanly desert pastasyny öndürip başlady

“Doganlar ýyldyzy” “Syrdaş” haryt nyşanly desert pastasyny öndürip başlady

“Doganlar ýyldyzy” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli “Syrdaş” haryt nyşanly desert pastalarynyň dürli görnüşlerini öndürip başlady.

Kärhananyň hünärmeniniň TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanyp ýekşenbe güni öz işine başlan serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusyna görä, kärhanada “Syrdaş” haryt nyşanly desert pastalarynyň ajy şokolad, süýji şokolad we arahis tagamly üç görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.

Mary şäherinde ýerleşýän “Doganlar ýyldyzy” kärhanasynyň täze desert pastasy üç görnüşli agramda öndürilip, ýakyn wagtda ýurduň söwda nokatlaryna satuwa çykarylar.

Şeýle hem hünärmen kärhanada täze “Syrdaş” haryt nyşanly, arahis tagamly batonjygyň öndürilýändigini we satuwa çykarylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedowyň 2018-nji ýylda esaslandyran “Doganlar ýyldyzy” hususy kärhanasynda şokolad önümleriniň 80-den gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda dürli gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly, huruşsyz süýjüler we başga-da birnäçe görnüşli şokoladlar bar.

Kärhananyň “Doganlar Ýyldyzy” haryt nyşanly “Türkmenistan”, “Ak ýürek”, “Merw”, “Baltop”, “Janym”, “Altyn dag”, “Babella”, “Mikoo-Panda” we “Mikoo-Car” ýaly şokolad önümleri içerki bazarda uly islegden peýdalanylýar.

“Doganlar ýyldyzy” haryt nyşanly şokoladlar ISO we “Halal” halkara ülňülerine doly laýyk gelip, kärhana geljekde eksporty has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýewiň topary möwsümdäki ahyrky duşuşygyny Kiprde geçirer
Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady
Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynda azerbaýjanly garşydaşyndan asgyn geldi
Konferensiýalar ligasy: Kaýratyň ilkinji ýeňlişi, Harri Keýniň het-trigi
Berdiýewiň Kaýraty ýewrokubok ýaryşlarynda ilkinji utuklaryny gazandy
Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi