“Şahtýor” bilen “Sewilýa” ýarym finalda

Ýewropa ligasynda beýleki 2 ýarym finalçy hem belli bolup, “Şahtýor Donesk” bilen kubogy iň köp eýelän “Sewilýa” ýaryşy dowam etdirer.Olaryň birinjisi Şweýsariýanyň “Bazel” toparyndan 4-1 üstün çykdy.

Her ýarymda 2 gol geçiren ukrain klubunyň gollaryny 2-nji minutda Moraes, 22-nji minutda Taýson, 75-nji minutda penaltiden Patrik hem-de 88-nji minutda Dodo derwezä girizdi. “Bazeliň” ýeke-täk goluny bolsa, 90+2-nji minutda Wan Wolfswinkel öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, doneskliler 4 ýyldan soň, ýene bir ýola Ýewropa ligasynda ýarym finala çykdy.

Olar 17-nji awgustda oýnaljak ýarym final duşuşygynda “Inter” bilen güýç synanyşarlar.

Germaniýanyň Duisburg şäherinde oýnalan beýleki çärýek final duşuşygynda “Sewilýa” Angliýanyň “Wulwerhempton” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi.Ispan toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 88-nji minutda Lukas Okampos kelle urgusy bilen derwezä girizdi.

Oýnuň 13-nji minutynda “Wulwerhemptonyň” meksikaly hüjümçisi Raul Himenez 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. 6-njy gezek ýarym finala ýollanma alan “Sewilýa” 16-njy awgustda “Mançester Ýunaýted” bilen finala çykmak ugrunda duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy
Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady
“Barselona” soňky minutlarda, “Real” aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
16 duşuşyk 48 gol
Gwardiola we Klopp ýanwar aýynda APL-nyň iň gowy tälimçisi adyna dalaş edýär