Doglan gününde taryhy başarnyk görkezdi

NBA-da soňky çempion “Los Anjeles Leýkers” myhmançylykda “San Antonio Spars” bilen duşuşdy. 121:107 hasabynda “Leýkersiň” ýeňiş gazanan oýnunda super ýyldyz LeBron Jeýms 26 utuk geçirmegi başardy. Şeýlelikde, şol gün 36 ýaşyny dolduran LeBron Jeýms yzly-yzyna 1000-nji duşuşygynda 10 we 10-dan köp utuk geçirdi.

Ol umumylykda 1261 duşuşykda 10 we 10-dan köp utuk geçirip, bu babatda Kewin Garnettden öňe saýlandy we NBA-da 4-nji orna beýgeldi.

NBA-da iň köp yzly-yzyna 10 we 10-dan köp utuk geçiren basketbolçylar:

LeBron Jeýms 1000 duşuşyk

Maýkl Jordan 866 duşuşyk

Karim Abdul-Jabbar 787 duşuşyk

The post Doglan gününde taryhy başarnyk görkezdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä basketbol güni
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
NBA-da ilkinji gezek
Super ýyldyzyň 18 ýyllyk taryhy statistikasy tamamlandy
35 müňden geçen 3-nji ýyldyz