“Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…”

“Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…”

Hoşgeldi Garly

Golaýda “Türkmenistanyň Hronikasy” prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň harytlaryň bahalaryny öwrenmek üçin wise-premýerlerini bazarlara ýollandygyny we 17-nji dekabrda geçen hökümet mejlisinde bolsa, wise-premýer ogly Serdara ýakyn wagtda welaýatlara iş saparyny etmegi tabşyrandygyny habar beripdi.

20-nji dekabrda geçen hökümet mejlisinde bolsa, prezident söwda toplumy barasynda maslahat geçirip, ýaramaz söwda üçin wise-premýere we ministre ahyrky käýinçleri yglan edipdi.

Şeýlede 20-nji dekabrda prezident Aşgabat häkiminiň orunbasary Rahman Annaorazowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatmak barada karara gol goýupdy.

Soňky günlerde türkmen prezidentiniň ilatyň azyk üpjünçiligi we ýurtda söwdanyň ýaramazdygy baradaky meseleler boýunça köp gürrüň edýän we görkezmeler berýän günlerinde “Türkmen.news” neşiri Berdimuhamedowyň ýegeni Şamyrat Rejebowyň dikmesi we ýakyn dosty, Aşgabadyň merkezindäki “Gülistan” söwda merkeziniň (meşhur “Ors bazarynyň”) başlygy Maksat Baýramowyň tussag edilendigini, “ýegenleriň” birnäçe dükanynyň ýapylandygyny habar berdi.

Neşir bu tussag etmeleriň prezidentiň ogly, wise-premýer, kiçi Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen amala aşyrylandygyny belleýär.

“Prezident bazarlary barlamak barada Serdara görkezme beren badyna,ol ilki “rus bazaryndan” başlady. Ol doganoglanlaryny mydama halamazdy, soňky döwürde olara hasam gaharlanardy. Prezidentiň oglynyň pikiriçe, ýegenler maşgalany masgaralaýarlar ” diýip neşir ýazýar.

Nämeüçin kiçi Berdimuhamedow doganoglany Şamyrada gazaplanýar?

Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň, garaşsyz habar serişdeleriniň we oppozisiýa agzalarynyň Türkmenistanlylara, ylaýta-da, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna salgylanyp sosial ulgamlarda ýaýradýan maglumatlarynda soňky ýyllarda “ýegenleriň” özlerini çakdanaşa gazaply, gödek alyp barýandyklary aýdylýar.

Mysal üçin, Şamyradyň ýurtda il arasynda aýdylyşy ýaly, “han özi, soltan özi” şeklinde hereket edýändigi bellenýär.Bu barada sosial ulgamlarda habarlar, wideýo ýazgylar az däl.

Hatda, türkmen mejlisiniň öňki deputaty, oppozisiýoner Halmyrat Söýünow hem “gögele ýegenleriň” birnäçe ýyl mundan owal Aşgabatly taksiçini kemsidişleri barada ÝuTube kanalynda bir wideýo ýazgy ýaýradypdy. (1:12-2:44 minut)

Şamyrat (Şammy) Aşgabatdaky islendik dükana, restorana ýa-da jemgyýetçilik ýerlerine girip, ýaşyna ýa jynsyna garamazdan, islendik adama gödek ýüzlenýär ýa-da ol ýerdäkilere agzyna gelen sözleri aýdyp bilýär. Şeýlede Şamyrat paýtagtyň islendik köçesinde ýol hereketlerini bozup, islän ýerinde öwrülýär, hemmeler durup oňa ýol berýärler, ol ýol polislerini ýa howpsuzlyk işgärlerini isledigiçe kemsitýär, urup-ýençýär diýlip habar berilýär.

Iň beteri-de, öýli we çaga-çugaly Şamyradyň entek durmuşa çykmadyk ýaş gyzlaryň namysyna degýändigi, bu eden-etdiliklere namys eden “pidalaryň” käbiriniň öz janyna kast edendigi barada sosial ulgamda maglumatlar ýaýradyldy.

Üstesine-de, doganoglanlar barasynda daşary ýurtlardaky garaşsyz habar serişdeleriniň dünýä jemgiýetçiligine ýaýradan yzygiderli maglumatlarynda we derňewlerinde olaryň Türkmenistanyň nebit önümleri, himiýa baýlyklaryny daşary ýurtlara satyp, milliýonlarça dollar gazanç edýändikleri, Aşgabatda bahasy milýonlarça dollarlyk kaşaň köşkler, Dubaýda kaşaň jaýlar edinendikleri, ýüz müňlerçe dollarlyk çet ýurt awtoulaglarda gezýändigi we elpe-şelpelikde ýaşaýandyklary habar berilýär, sosial ulgamlarda wideýo ýazgylar paýlaşylýar.

Eýse, Serdaryň we onuň doganoglanlarynyň arasyndan “gara pişik” geçdimi?

Bu ýerde Türkmenistanyň premýer-ministriniň ykdysady, bank meseleleri we halkara maliýe gurluşlar boýunça orunbasary Serdaryň edil häzir bular ýaly garaşylmadyk ädimleri ätmeginiň sebäpleri näme bolmägy ähtimal diýen sowal örboýuna galýar.

Bir tarapdan, kiçi Berdimuhamedowyň il arasynda ýaýran we sosial ulgamlarda paýlaşylýan maglumatlarda okan, wideýo ýazgylarda gören zatlarynyň aglabasynyň dogrydygyny “bäş barmagy” ýaly bilýändigi şübhesiz.

Şonuň üçin-de, Serdar häzir welaýatlara sapar edýän döwründe halka birazajygam bolsa, gowy görünip we ýakynlaşyp utuk gazanmak üçin amatly pursady ulanmak isleýändigi belli. Ol bu örän möhüm utuga ýakyn geljekde has mätäç boljakdygyna düşünýändigine söz ýok.

Şol sebäpli, kiçi Berdimuhamedow entek kakasynyň resmi mirasdüşeri bolmanka,bular ýaly aýgytly we öz karýerasy üçin töwekgelli ädimleri ädip, Türkmenistanlylara gowy görünmäge synanyşan bolmagy ähtimal.

Çünki, häkimiýet başyndakylaryň doganoglanlar ýaly ýakyn garyndaşlary öz güýjüne, halkyň tebigy baýlyklaryny satyp gazanan milýonlarça dollaryna buýsanyp, häkimiýete dalaşgärligi arzuw etmegi kadaly we tebigy zat .

Belki, kiçi Berdimuhamedow kakasynyň ýerine geçmäge kanuny hukuga eýe bolandan soňra, (geçen sentiýabrda 40 ýaşady) bir okda iki towşan urmak” maksady bilen öz güýjüni hem halka hem-de dünýäniň süper güýçlerine görkezmek isleýär.

Iň möhümi-de, ol syýasy karýerasynyň geljegi üçin “howply” milliýoner doganoglanlarynyň “ýelini çykaryp”, ýoluny arkaýyn dowam etdirmegi meýilleşdiren bolmagy-da ähtimal.

Çünki,adatça, iň ýokary wezipede oturanyň syýasy karýerasyny ösdürýänleriňem ýa-da onuň soňuna “sogan ekýänleriňem” ýakyn töweregidigini ýakyn taryhymyz subut edýär.

Pellehana ýakynlaşýarmy…

2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Nyýazow tarpa-taýyn ýogalandan soňra, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçende interneti ösdürmegi, ýokary okuw jaýlarynda, mekdeplerde okuwlaryň möhletini uzaltmagy we beýleki wadalary türkmenistanlylara söz beripdi.

Emma,ondan bäri 15 ýyl geçse-de, Türkmenistanda internetiň işleýişi “ýabygorly”, okuwlaryň möhleti uzaldylsa-da, mekdeplerde,orta we ýoj-da bilim berilişinde känbir ösüşiň bolmandygyny, parahorlygyň hasam ösendigini,mekdep okuwçylarynyň we studentleriň köp wagtynyň “çärelere” gatnaşmaga hem pagta meýdanlarynda geçirýändigini garaşsyz çeşmeler habar berýärler.

Emma, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soňra,ýurtda neşekeşligiň we neşe söwdasynyň ýok derejä ýetirilendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek.

Şol bir wagtyň özünde, kiçi Berdimuhamedow entek häkimiýet başyna geçmänkä, öz “güýjüni” görkezip, ony doganoglanlary Şamyradyň we Hajymyradyň gözegçiligindäki milýonlarça dollara barabar lomaý girdeýji getirýän söwda merkezleri, dükanlary hem beýleki nokatlary ýapmakdan başlamagy karar edene meňzeýär.

Eýse, ol doganoglanlarynyň sarsmaz güýjüniň iň esasy çeşmesi hasaplanýan türkmen halkynyň nebit, nebit önümleri we himiýa baýlyklaryny daşary ýurtlara satmakdan olary çetleşdirmegi başararmyka?

Belki, munuň has howplydygyna kiçi Berdimuhamedow gowy düşünýär.Çünki,ummasyz maliýe serişdeleri bolan Rejebowlaryň hem “gol gowşuryp” oturmajakdygy ikuçsyz.Olaryň daýysy Berdimuhamedowyň häkimiýeti ogly Serdara, soňra agtygy Kerimberdä geçirmek “arzuwlaryny”puja çykarmagy mümkin.

Eger Şamyrat we Hajymyrat Rejebowlar muny başarsalar, onda Berdimuhamedowyň gazabyndan 15 ýyllap ýadan halkyň belli bir böleginiň we käbir daşky güýçleriň goldawyny almagy ähtimal.

Emma, bu babatda kiçi Berdimuhamedowyň doganoglanlaryna hiç bir eglişik etmejekdigine, eger zerurlyk bolsa, olary “Owadandepä” ýollamakdan hem gaýtmajakdygyna garaşyp bolar.

Şeýle ýakymsyz ýagdaýda haýsyda bir gapma-garşylygyň ýa-da garaşylmadyk wakalaryň döremezligi üçin Berdimuhamedowyň häkimiýeti öz ogluna geçirmek kararyna 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda gelmegi mümkin.

Şol bir wagtda munuň näderejede “ýagdan gyl çeken ýaly” bolmagynyň türkmen halkyna baglydygyny ýatdan çykarmaly däl.Eger halk 30 ýyl mundan öňki ýalňyşlygyny gaýtalamasa, onda çagalarynyň we agtyk-çowluklarynyň geljegini kesgitläp, olara hakyky eşretli zamanany miras goýup bilerler.

Elbetde, muny wagt görkezer…

Atalarymyz “dok çaýkanmasa, aç doýmaz” ýa-da “ýagşy niýet ýarym döwlet” diýipdirler.

(“Türkmenistanyň Hronikasy” awtoryň pikirlerini paýlaşmaýar)The post “Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy
Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi
Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemekçi
Berdimuhamedowyň ýegenleri bilen ilteşikli Britan şirketi öz-özünden dargaýar
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy