Dokma önümleriniň hyrydary köpelýär

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň dokma senagaty geljegi uly bolan pudaklaryň birine öwrüldi.Milli Liderimiziň ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen pudagyň kärhanalary arassa pagtadan hem-de ýüpekden, şol sanda ýokary hilli täze taýýar önümleriň hasabyna önümçiligiň görnüşlerini we möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýärler.

Pudagyň öndürýän önümleriniň agramly bölegi daşary ýurt bazaryna iberilýär.Bu pudagyň eksporta iberýän harytlarynyň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň dünýäniň iri dokma senagatly döwletleriň biridiginiň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan dokma senagatynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, täze ýokary tehnologiýaly kärhanalary emele getirmek, çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek wezipeleri goýuldy. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň ýurduň içinde we daşynda satuwyny ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda dokma önümleriniň dükanlarynyň sany yzygiderli artdyrylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Dokmahyzmat kärhanasynyň binýadynda paýtagtymyzyň Oguzhan köçesiniň ugrunda Nusaý, Gala, Altyn asyr çagalar dünýäsi, TG aýakgaplar, Bürgüt atly täze dükanlary açylyp ulanylmaga berildi.

Dünýä bazarynda hem müşderisi barha artýan bu brendleriň önümleriniň Aşgabatdaky täze dükanlarda elýeterli bahadan hödürlenilmegi esasy aýratynlykdyr.

Häzirki döwürde dokma pudagynda 85 kärhana hereket edýär. Şolaryň 63-si önümçilik, 15-si bolsa bilelikdäki kärhanalardyr.Olarda ýokary hilli nah we garyşyk ýüplükleriň, matalaryň, örme matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jinsi önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän we aýakgap kärhanalary, deriniň ilkinji işlenmegini üpjün edýän zawodlar bar.Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda Altyn Asyr söwda merkezi we ýöriteleşdirilen dükanlaryň köp sanlysy hereket edýär.

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilýän önümleriň halkara hil ülňüsine we ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, kärhanalaryň önümleri Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy ISO 9001, Daş-töweregi goramak boýunça ISO 14001, Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy boýunça OHSAS 18001 ýaly güwänamalara yzygiderli mynasyp bolýarlar.

Dokma önümleriniň görnüşleri welwet matasynyň, dokalmaýan matalaryň dürli görnüşleriniň spanbondyň, spanleýsiň, hollofaýberiň, tutynyň, şeýle hem sinteponyň we kowroliniň çykarylyşyny ýola goýmagyň hasabyna giňeldilýär. Ýumşak çaga oýnawaçlaryny, çygly el süpürgiçleri we beýlekileri öndürmek işi talabalaýyk ýola goýuldy. Bular hem dokma pudagynyň harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşdy.

Gunça BEGENJOWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär
Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary
Ulag we Senagat toplumlaryndaky ösüşler
Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär