Ulag we Senagat toplumlaryndaky ösüşler

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli künjeginde iň öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzilleri, demir ýol menzilleriniň binalary guruldy, demir hem-de awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inženerçilik desgalary demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny gurmagyň giň möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitara gatnawlary giňeltmekde, üstaşyr gatnawlary ösdürmekde amatly şertleri döredýär. Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygy hem-de beýleki iri taslamar durmuşa geçirilýär.

Bu ýokary tizlikli ýol üç tapgyrda: Aşgabat Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabryna, Tejen Mary aralygy 2022-nji ýylyň dekabryna, Mary Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabryna çenli gurlar.Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda ýurdumyza awtoulag serişdeleriniň iň täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. “KAMAZ 6520” ýük ulaglarynyň 200-si hem-de “Toyota Corolla” kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulyp, doly ykjam aragatnaşyk, şol sanda 4G bilen, ýakyn döwürde bolsa internetiň 5G tizlikli hem-de ykjam aragatnaşygyň beýleki hyzmatlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem, milli emeli hemranyň nobatdakysynyň äleme çykarylmagy we “TürkmenÄlem 520E” milli emeli hemranyň mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagy üçin işler alnyp barylýar.Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini, medeniýetini ýokarlandyrmakda hem anyk işler durmuşa geçirilýär.

Täze polat ýollary gurlup, pudagyň gerimi barha giňeldilýär.Häzirki wagtda “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylar üçin el telefonlary we kompýuterler arkaly elektron ýol biletlerini satmak hyzmaty hereket edýär.“Türkmenhowaýollary” agentliginiň tehniki parkynyň üsti döwrebap uçarlar bilen yzygiderli ýetirilýär, täze gatnawlar açylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan ykdysady strategiýasynyň esasynda ýurdumyz senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde iri senagat desgalary hereket edýär, bar bolanlar döwrebaplaşdyrylýar, täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň senagat pudagynyň kuwwatyny barha ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleriň netijesinde, dokma, himiýa önümçiliginde ägirt uly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Bu pudakda gazanylýan üstünliklere şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler hem güwä geçýär. Ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda önümçilik meýilnamasy 117,6 göterim ýerine ýetirildi hem-de 119,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Sanlar we maglumatlar:Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 150,3 göterime deň boldy.“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça hasabat döwründe mineral dökünleriň önümçiliginiň ösüş depgini 167,7 göterime barabar boldy.Tehniki ýod öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim ýerine ýetirildi.Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.“Türkmensenagat” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,1 göterime,“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ösüş depgini 125,7 göterime,“Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101,1 göterime,“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 103,6 göterime,“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 108,2 göterime,“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy.

Taýýar önümleriňmöçberi artýarHäzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan dokma senagatynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, täze ýokary tehnologiýaly kärhanalary emele getirmek, çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek wezipeleri goýuldy.

Pudagyň kärhanalarynda makroykdysady görkezijileriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän ugurlar boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Öndürilýän önümleriň möçberi köp ugurlarda ýylsaýyn ýokarlanýar.Dokma pudagy:Garaşsyzlyk ýyllary içinde pagta süýümini gaýtadan işlemek 3 göterimden 51 göterime çenli ýokarlandy.Dokma pudagyndaky kärhanalarda ýokary hilli nah we garyşyk ýüplükleriň, matalaryň, örme matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jins önümleri öndürilýär.Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän we aýakgap kärhanalary, deriniň ilkinji işlenmegini üpjün edýän zawodlar bar.Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda “Altyn Asyr” söwda merkezi we ýöriteleşdirilen dükanlaryň 11-si hereket edýär.Pudagyň kärhanalarynda 30 müňe golaý işgär zähmet çekýär.Döwrebap kärhanalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen.Öndürilýän önümleriň halkara hil ülňüsine we ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.Kärhanalaryň önümleri “Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy” ISO 9001, “Daş-töweregi goramak” boýunça ISO 14001, “Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy” boýunça OHSAS 18001 ýaly güwänamalara mynasyp boldular.Ýakyn geljekde dokma önümleriniň görnüşleri welwet matasynyň, dokalmaýan matalaryň dürli görnüşleriniň spanbondyň, spanleýsiň, hollofaýberiň, tutynyň, şeýle hem sinteponyň we kowroliniň çykarylyşyny ýola goýmagyň hasabyna giňeldiler.

Ýene degişli makalalar

22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär
Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary
Dokma önümleriniň hyrydary köpelýär
Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär