Dolandyryjy partiýanyň ýeňşi

21-nji maýda Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda Premýer-ministr Kiriakos Misotakisiň ýolbaşçylygyndaky merkezi sagçy “Täze demokratiýa” partiýasy 41% ses bilen öňdeligi eýeledi.

“Täze demokratiýa” partiýasynyň iň ýakyn bäsdeşi 20%-den gowrak sese eýe bolup, ýeňlişe sezewar boldy. Bu, öňki Premýer-ministr Aleksis Siprasyň Ösüş bileleşigine (SYPIZA – PA) degişlidir.

Şeýlelik bilen, “Täze demokratiýa” partiýasy parlamentde 145 orna, SYPIZA – PA bolsa, 72 orna eýe boldy. Şeýle hem, çepçi PASOK partiýasy Özgerişler hereketi (sesleriň 12%-inden az) – 41 orna, Gresiýanyň Kommunistik partiýasy (7,20%) – 26 orna, sagçy “Grek karary” (4,46%) – 16 orna eýe boldy.

Ses berişligiň jemleýji netijeleri şu gün yglan ediler, ýöne uly üýtgeşmelere garaşylmaýar.

300 orunlyk bir palataly parlamentde Gresiýanyň ýokary kanun çykaryjy organyna gözegçilik etmek üçin 145 orun ýeterlik däl. Gerekli minimal 151 orun. Partiýanyň lideri haýsydyr bir partiýa bilen bileleşik gurmajakdygyny eýýäm mälim etdi. Partiýanyň Lideri Iýun aýynyň ahyrynda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda parlamentde zerur orunlary eýelemäge mümkinçilik berjekdigine ynanýar. Sesleriň köplügi dolandyryjy partiýa garaşsyz hökümet gurmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy
“Täze demokratiýanyň” ynamly ýeňşi
Ahalteke atym uçar ganatym