Donnarumma IFFHS boýunça dünýäniň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi

Donnarumma IFFHS boýunça dünýäniň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) Janluiji Donnarummany 2021-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň gowy derwezebany hökmünde ykrar etdi. Bu barada news.sportbox.ru habar berdi.

Ses berişlikde Italiýanyň milli ýygyndysynyň we PSŽ-niň derwezebany 170 utuk toplady. Ikinji orunda 75 utuk bilen Bawariýaly nemes Manuel Noýer bar. Ilkinji üçlüge 40 utuk bilen Çelsiniň we Senegalyň derwezebany Eduard Mendi hem girdi. Şu ýyl Donnarumma Italiýanyň milli ýygyndysyna Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi
Mendi FIFA tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi
FIFA 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany adyna dalaşgärleriň üçlügini mälim etdi
Globe Soccer baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy