Globe Soccer baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi

Globe Soccer baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi

Globe Soccer baýraklarynyň finalçylary yglan edildi. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, playmaker24.ru habar berdi.

"Ýylyň oýunçysy" ugry boýunça dalaşgärler: Karim Benzema ("Real"), Robert Lewandowski ("Bawariýa"), Kilian Mbappe, Lionel Messi (ikisi hem "PSŽ"), Kriştianu Ronaldu ("Mançester Ýunaýted") we Mohamed Salah ("Liwerpul").

"Iň gowy tälimçi" diýen at ugrunda Didýe Deşam (Fransiýanyň milli ýygyndysy), Hans Flik ("Bawariýa"/Germaniýanyň milli ýygyndysy), Hosep Guardiola ("Mançester Siti"), Roberto Mançini (Italiýa), Lionel Skaloni (Argentinanyň milli ýygyndysy) we Tomas Tuhel ("Çelsi") bäsleşer.

"Iň oňat derwezeban" ugry boýunça dalaşgärler: Tibo Kurtua ("Real"), Janluiji Donnarumma ("PSŽ"), Emiliano Martinez ("Aston Villa"), Eduar Mendi ("Çelsi") we Manuel Noýer ("Bawariýa").

Ýeňijiler "Ýylyň kluby", "Iň gowy goragçy", "Iň gowy milli ýygyndy topary", "Iň gowy zenanlar kluby" we "Ýylyň zenan futbolçysy" ugurlary boýunça hem kesgitlener. Baýrak gowşurylyş dabarasy 27-nji dekabrda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Lew Ýaşin adyndaky baýraga Donnarumma, Noýer we Kurtua dalaşgär görkezildi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Mendi FIFA tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi
Sportuň taryhynda bu hepde
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany