Donni Ýen Tarantinony Brýus Liniň üstünden gülmekde aýyplady

Donni Ýen Tarantinony Brýus Liniň üstünden gülmekde aýyplady

Hytaýly aktýor, režissýor we prodýuser Donni Ýen (hakyky ady Çžen Szydan) amerikan kinoçysy Kwentin Tarantinony gonkongly rowaýaty aktýor Brýus Lini ýaňsylamakda aýyplady. Onuň sözlerine görä, Tarantino Bir gezek... Golliwudda filminde merhum Brýus Liniň şahsyýetini ýaňsylady. Ýen bu barada Variety neşirine beren interwýusynda aýtdy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Hemmeleriň öz şahsy pikirini aýtmaga hukugy bar, Kwentin Tarantino örän belli režissýor, onuň öz pikirini aýtmaga hukugy bar, meniňem hukugym bar. Ol Brýusy ýaňsylady diýip pikir edýärin. Bu gelşiksiz ýagdaý diýip, golaýda prokata çykan Jon Uik 4 filminde esasy keşleriň birini döreden hytaýly aktýor nygtady.

Bir gezek... Golliwudda filminiň sahnalarynyň birinde toslama gahryman Kliff But surata alnyş meýdançasynda Brýus Li bilen jedele girip, olar başa-baş söweşýärler. Netijede, But Brýus Lini ýeňýär.

Bu görnüş rowaýaty aktýoryň gyzy Şennon Liniň gaharyny getirdi. Ol Tarantinony jogapkärçiliksiz diýip atlandyrdy hem-de ony öz kakasyny filmde gopbam adam hökmünde suratlandyrmakda aýyplady. Emma Tarantino Şennon Liniň duýgusyna düşünýändigini aýtmak bilen oňdy hem-de ötünç soramady.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanda Žan-Klod Wan Dammyň ýadygärligi söküldi
BBC: ylham berýän 100 zenan
Aktýor Uill Smit 55 ýaşady
Enn Heteueý ýaş görünmeginiň syryny gürrüň berdi
Golliwudyň aktýorlary kino surata düşmäge taýýar
Elli dokuz ýaşly Bred Pitt daşky keşbi bilen janköýerlerini haýran galdyrdy