Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat

Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Garajaoglan seýilgähinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler Ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollary, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähleri, köp sanly suw çüwdürimleri bolan paýtagtymyzyň Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrülendigi, adamlaryň dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT
BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR