Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Dreýk tahallusy bilen tanalýan kanadaly repçi Obri Dreýk Greham "Gremmi" aýdym-saz baýraklaryna dalaşgärleriň sanawyndan öz adynyň aýrylmagyny sorap, Milli sungat we grammofon ýazgy tehnikasy akademiýasyna ýüz tutdy. Bu barada akademiýanyň wekiline salgylanyp, Variety žurnaly habar berdi.

Žurnalyň ýazmagyna görä, aýdymçy “Certified Lover Boy” aýdymy üçin “Iň gowy rep albomy” ugry boýunça, şeýle hem “Way 2 Sexy” aýdymy üçin “Iň gowy rep ýerine ýetirijiligi” ugry boýunça dalaşgärleriň arasyndady.

Baýragyň web sahypasynda görkezilen maglumatlara görä, Milli akademiýa onuň adyny eýýäm dalaşgärleriň sanawyndan aýyrdy.Repçiniň wekilleri bu barada maglumat bermekden saklandylar.Muňa onuň baýragyň guramaçylary bilen jedelli gatnaşyklary sebäp boldy diýip, Variety žurnaly belleýär.

Ýatlap geçsek, 64-nji "Gremmi" baýraklarynyň gowşurylyşy 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Los-Anjelesde geçiriler. Onda dalaşgärler jemi 85 ugur boýunça bäsleşerler.

Ýene degişli makalalar

Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy
Tina Terner 83 ýaşynda aradan çykdy
Los-Anjelesde Gremmi baýraklary gowşuryldy
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar