Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy

Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy

Gremmi aýdym-saz baýragyna dalaşgär görkezilen amerikan aýdymçy zenany Bobbi Storm uçaryň üstündekä aýdym aýtmak isländigi bilen baglylykda, tas uçuşdan galdyrylypdy diýip, Daily Mail neşirine salgylanýan Regnum.ru habar berýär.

Siz ümsüm oturyp bilmezmisiňiz? diýip, Delta awiakompaniýasynyň uçarbeleti oňa gaharlanmaga mejbur boldy. Emma aýdymçy zenan uçarbelet bilen jedele girdi, ümsüm oturmagyň deregine ýolagçylar üçin çykyş etmek isledi.

Ondan ýene ümsüm oturmagy talap etdiler, emma 36 ýaşly aýdymçy zenan ýolagçylara nädip aýdym-saz sungatynda meşhurlyga ýetendigi barada gürrüň bermäge başlady. Emma onuň gürrüňleri hemmelere ýarap barmaýardy.

Internetde ýerleşdirilen wideogörnüşlere tomaşa edenleriň köpüsi aýdymçyny medeniýetsizlikde aýyplady. Olar ýolagçylaryň dynç almak islegine päsgel bermeli däl diýip, bellik etse, aýdymçy zenana duýgudaşlyk edenler hem tapyldy.

Bobbi Storm 1987-nji ýylda doguldy, ol Lazy Love, We Can’t Forget About Him, Boy Bye, Poor Dat we Beautiful Robbery atly aýdymlary bilen meşhurlyk gazandy. Ol 2024-nji ýyl üçin abraýly Gremmi baýragyna dalaşgärlik edýär.

Ýene degişli makalalar

Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi
Tina Terner 83 ýaşynda aradan çykdy
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Rowaýaty futbolçy aradan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä bardy, Aşgabatda hünärmenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar, Astrahan oblasty Türkmenistan bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýyn we beýleki habarlar
Messi 9-njy futbolçy