Dubaý we Abu-Dabi gurply dünýä şäherleriniň arasynda

Birleşen Arap Emirlikleriniň iki uly şäheri – Dubaý we Abu-Dabi gurply adamlar üçin iň özüne çekiji 5 ýurduň hataryna girdi. Bu barada “Savills Middle East” konsalting kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Dubaý sanawda birinji orunda, Abu-Dabi bolsa bäşinji orunda durýar.

Nýu-Ýork we Singapur ikinji we üçünji orunlary, Gonkong bolsa dördünji orny eýeledi. Monako, Los-Anjeles, Maýami, Aspen we London hem ilkinji onluga girdi. Reýtingi düzmek üçin dünýäniň tas 100 şäheri iş gurşawy, maşgala üçin infrastrukturasy, çykdajylar, mirasy meýilnamalaşdyrmak, ýaşaýyşyň hili we şahsy durmuşyň goraglylygy ýaly ölçegler esasynda seljerildi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: ABŞ Ukraina-Russiýa urşunyň iýun aýyna çenli tamamlanmagyny isleýär
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
79-njy möwsüme badalga berler
Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň iň ökde uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollanar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler we beýleki habarlar
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy