Dubaýda 112 million dollara penthaus satyldy

Dubaýda 112 million dollara penthaus satyldy

Dubaýda 112 million amerikan dollaryna penthaus (köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ýokary gatyndaky özbaşyna eýwanly aýratyn öý) satyldy. Bu gozgalmaýan emlägiň satuwy boýunça Emirligiň taryhynda iň gymmat geleşikdir diýip, The National News neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Dokuz sany ýatyş otagly we suwa düşülýän howuzly öýüň meýdany 3,5 müň inedördül metrden gowrak bolup, ol Jumeýra etrabynyň merkezindäki Bulgari Lighthouse ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýär. Öýi satyn alan adamyň kimdigi gizlin saklanýar.

Geçen ýyl Dubaýda gozgalmaýan emlägiň nyrhy güýçli gymmatlady, şol sanda aňrybaş derejedäki ýaşaýyş öýlerine isleg artdy. 2022-nji ýylda ýurtda gozgalmaýan emläge degişli öýleriň 56 milliard dollarlygy satyldy, bu 2021-nji ýyldakydan 81 göterime golaý artykdyr.

Bilermenler 2023-nji ýylda bu görkezijileriň has-da ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Jozef Baýden Ford zawodynyň resmi taýdan hödürlän täze awtoulagynyň ilkinji alyjysy boldy
Aşgabatda meşhur orkestriň konsertleri geçdi
Tomusda okalmaly kitaplar
Kakalar gününde ekiz bäbegiň kakasy boldy
Lightyear niderland kompaniýasynyň elektromobili bir zarýad bilen 710 kilometr geçdi
Kitap söýüjiler üçin myhmanhana