Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Dragon Oiliň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Dragon Oiliň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

22-nji iýunda Dubaýyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Dragon Oil kompaniýasynyň gözleg we täze kärhanalar boýunça ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Ahmed Al-Maazminiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki diplomatik wekilhanasyna salgylanyp, vestiabad.ru habar berýär.

Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde alnyp barylýan işjeň gatnaşyklara ünsi çekip, Türkmenistan bilen Dragon Oil kompaniýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, taraplar umumy gyzyklanmanyň nebit-gaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasyna öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekliýeti WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýar
Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr
Injener Chozgutleri nebitgaz we energetika pudaklarynda giň gerimli inžener-gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär
Türkmen hususy kärhanalary daşary ýurtlaryň nebit kompaniýalaryna hyzmatlary berýärler
"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär