Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr

Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen russiýaly aýdymçy Nýuşa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy. Russiýaly estrada aýdymçysy bu hormatly ada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

2.Aşgabat şäherinde Älem medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada dikilen, beýikligi 44 metr bolan Türkmenistanyň Baş arçasy GDA-da iň beýik arça boldy.Aşgabatdaky Täze ýyl arçasy eýýäm dördünji ýyl bäri GDA-da iň beýik diýlip ykrar edilýär we ol her ýyl öňkülerden has-da beýgelýär.

Türkmenistanyň Baş arçasyny bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň yşyk-diodly çyrajyk ulanyldy.

3. Aşgabatda Dragon Oil nebit kompaniýasynyň täze ofisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmennebit döwlet konserniniň we Dragon Oil kompaniýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem BAE-niň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we Dragon Oil kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan öz çykyşlarynda täze ofisiň açylmagynyň Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyryny alamatlandyrýandygyny bellediler.

4.Turkmenportal we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Aşgabatda geçirilýän köpugurly ýaşlar sergisiniň çäklerinde işewürlik üçin bilelikdäki taslamany hödürlediler.Hyzmatdaşlygyň çäklerinde TSTB-niň ähli agzalary Turkmenportalyň çeşmelerinde maglumatlaryny we mahabatlaryny ýeňillikli ýerleşdirmek boýunça hukugyny alýarlar.

Munuň özi kompaniýalara önümlerini we hyzmatlaryny internet ulanyjylarynyň giň köpçüliginiň arasynda netijeli ilerletmäge, täze müşderileri hem-de hyzmatdaşlary çekmäge mümkinçilik berer.Taslamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň şertleri barada has giňişleýin maglumaty (+993 65) 70-54-08 belgä jaň edip, reklama@turkmenportal.com elektron poçta salgysy arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 30-njy dekabra çenli dowam etjek köpugurly ýaşlar sergisinde TSTB-niň diwarlygynda alyp bilersiňiz.

5.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşigiň ýeňiji bolan ýaşlary Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

Bu ýokary sylag bilen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek, edebi mirasyny öwrenmek hem-de şahyryň ynsanperwer garaýyşlaryny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işlere goşant goşan ýaşlar sylaglanyldy.

Dünýäde

6. Şwesiýanyň Ýewle şäherinde aç zakyja guşlarynyň sürsi Täze ýyl bezegi hökmünde her ýyl merkezi meýdançada goýulýan saman geçini iýip başlady. Şäheriň häkimligi bu tebigy prosese goşulmazlyk kararyna geldi.

Soňky onýyllyklarda Ýewle şäherindäki Täze ýyl geçisi diňe bir ululygy bilen däl, eýsem, yzygiderli oda berilmegi bilen hem meşhur boldy.Geçi 57 ýylyň dowamynda Täze ýyla çenli bary-ýogy 19 gezek diri galdy.

7.Beýik Britaniýada lukmanlar 30 ýaşly ýerli ýaşaýjynyň gulagyndan janly möýi we we onuň öýjügini aýyrmak boýunça operasiýa geçirdiler.Aýal gulagynda şygyrdy we güýçli agyry sebäpli hassahana ýüz tutdy.

Lukmanlar oňa infeksiýa garşy dermanlary bellediler, ýöne agyry aýrylmady.Soňra Lýusi Waýld gulagynda nämeleriň bolup geçýändigini özbaşdak ýüze çykarmak kararyna geldi.Ol gulagyna mikrokamera saldy we gulak kanalynda möýüň öýjügini we külembike barmagyň dyrnagynyň ululygyndaky öýjügiň eýesini gördi.

Sport habarlary

8. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça çempionatynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bäş sany Toyota Fortuner kysymly awtolag gowşuryldy.Türkmen türgenleri bu abraýly ýaryşda 15 sany dürli derejeli medallary gazandylar.

Olaryň tälimçileri hem 2 sany Toyota Camry awtoulagy bilen sylaglandylar.Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Dörtguly Tejenow we zenanlar toparyna ýolbaşçylyk eden Şirin Kubaýewa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýlen hormatly at dakyldy.

9.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp Aşgabat geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Arkadag futbol toparyna Germaniýanyň MAN kompaniýasynyň täze awtobusy gowşuryldy.

Bu sowgat toparyň 2023-nji möwsümdäki üstünlikli çykyşlary üçin sylag boldy.Arkadag ilkinji möwsüminde Ýokary liganyň çempiony diýen ada mynasyp boldy, şeýle hem Türkmenistan Kubogynyň eýesi boldy.Kubogyň finalynda topar Ahaly 3:0 hasabynda ýeňdi.

Sowgat berlen awtobusyň daşky tarapynda toparyň nyşany, Akhan atly atyň şekili we Köpetdagyň gerşi ýerleşdirilipdir.Topara bu üstünligi 43 ýaşly baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda gazandy.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi
Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky türgenleşiklerine 16 türgen gatnaşdy
Türkmenistanyň we Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýuriý Ambarsumow Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň myhmany